icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

18 maý 2019

2315

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň Duşenbe şäherindäki duşuşygy

2019-njy ýylyň 18-nji maýynda Duşanbe şäherinde «Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we gyramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin Täjigistana gelen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kononyň duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Has takygy, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýapon tarapy şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde we tutuş dünýä derejesinde parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanylmagyna saldamly goşant goşýandygyny aýratyn belläp geçdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi