icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 iýun 2019

808

Brýussel şäherinde birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp tegelek stol geçirildi

2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy Aziýa ylmy-gözlegleri boýunça Ýewropa instituty bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp, “Birinji Hazar ykdysady forumy: Hazar we Merkezi Aziýa sebitinde Ýewropa Bileleşigi üçin maýa goýum mümkinçilikleri” atly tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirildi.

Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary U.Rusnak, Ýewropa Daşary işler gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň we Aziýa ylmy-gözlegleri boýunça Ýewropa institutynyň işgärleri, Ýewropa Bileleşiginiň dürli edaralarynyň we guramalarynyň hem-de Hazarýaka we Merkezi Aziýa döwletleriniň Brýussel şäherinde ýerleşýän Ilçihanalarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň birnäçe ýolbaşçylary we işgärleri, ykdysady-maliýe we maýa goýum edaralarynyň wekilleri we alymlary gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň baý tebigy gorlary we olary Ýewropanyň energetika bazaryna çykarmagyň mümkinçilikleri, Türkmenistanyň sebit we halkara ulag-logistika gatnaşyklarynda eýeleýän wajyp orny, iri döwrebap infrastruktura desgalary hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Duşuşyk Türkmenistanyň we sebitiň mümkinçilikleri barada täsirli maglumatlary özünde jemleýän hem-de bu ugurda pikir alyşmaga mümkinçilik berýän şeýle duşuşyklary we çäreleri geljekde hem ýygy-ýygydan geçirmegiň wajyplygyny tassyklamak bilen jemlenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi