icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 iýun 2019

727

Rumyniýada Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag ugry boýunça Hünärmen  işçi toparyň duşuşygy geçirildi

2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Buharestde Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda, ýük ugruny güýje girizmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag ugry boýunça hünärmen işçi toparyň dörttaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Mariýa-Magdalina Grigore, Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksander Khwtisiaşwili we Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň gümrük gözegçiligi we söwda ýardam bermek Departamentiniň Başlygy Samad Garalow tarapyndan ýolbaşçylyk edildi.

Duşuşykda daşary işler, içeri işler, ulag, söwda, gümrük, serhet ministrlikleriniň we migrasiýa gullugynyň wekilleri, Türkmenbaşy, Konstantsa, Baku deňiz portlarynyň, ulag-logistik merkezleriniň we dört döwletiň işewürlik jemgyýeçilikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Giriş sözi bilen çykyş edenler 2019-njy ýylyň 4-nji martynda Buharest şäherinde Azerbeýjanyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilen dörttaraplaýyn duşuşyga we onuň çäklerinde kabul edilen, Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag ugryny döretmek başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça dört döwletiň syýasy meýillerini şöhlelendirýän Buharest Beýannamasyna salgylandylar.

Mejlisler görnüşinde geçirilen duşuşyklaryň barşynda gatnaşyjylar agzalan ulag ugrunyň Ýewropanyň we Aziýanyň döwletlerini birleşdirmekdäki orny, onuň 2019-njy ýylyň iýunynda Merkezi Aziýa üçin ÝB-niň täze Stratigaýasy we 2018-nji ýylyň oktýabrynda Ýewropa we Aziýada özära baglanyşyk boýunça ÝB-niň Strategiýasy ýaly kabul edilen resminamalaryň kontekstindäki ähmiýeti dogrusynda ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylar bu ugur boýunça bar we ulanylmaga taýýar bolan ulag infrastrukturalary, şeýle hem ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, taraplar agzalan ugry işe girizmek üçin amatly şertleriň döremegine we “Gündogar-Günbatar” ugry boýunça ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňlendirmegine ýardam berýän milli derejede normatiw-hukuk aktlaryny işläp düzmek we girizmek boýunça meselelere seredip geçdiler.

Gepleşikleriň soňunda, taraplar Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag ugry boýunça  hünärmen işçi toparyň dörttaraplaýyn duşuşygynyň jemini jemlediler.

Şeýle hem, saparyň çäklerinde, 25-nji iýunda türkmen wekiliýeti “Konstantsa deňiz portlarynyň administrasiýasynyň” ýolbaşçylary bilen duşuşdylar we deňiz portuň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi