icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 iýun 2019

777

Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Karsten Sendergord bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar özleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdiler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, taraplar dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklary gurnamagyň zerurlygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda Daniýa Patyşalygynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy oňa täze bellenen wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.

Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi öz gezeginde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny belledi we özüniň bu gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi