icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

08 sentýabr 2016

2083

Aşgabatda durnukly ulag, üstaşyr ulag we aragatnaşyk boýunça iş toparynyň 21-nji mejlisi geçirildi

2016-njy ýylyň 7-8-nji sentýabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) durnukly ulag, üstaşyr ulag we aragatnaşyk boýunça tematiki iş toparynyň 21-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine SPECA-nyň agza ýurtlary bolan Türkmenistanyň, Azerbaijanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, şeýle hem BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň hem-de Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine özara hereketleriň şu aşakdaky görkezilen wajyp meseleler – üstaşyr ýukleri daşamaklygy kämilleşdirmek we SPECA ýurtlarynda ulag infrastruturasyny ösdürmek ýaly meseleler girizildi. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar halkara ulag konwensiýalarynyň we ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, milli utgaşdyryjy gurallaryň ulanylyşy, maglumatlar goruny döretmek we SPECA sebitinde ýol-ulag howpsuzlygyny hem-de döwlet-hususy gatnaşyklaryny berkitmek ýaly meselelere garady.

Pikir alyşmalaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar strategiki göz ýetirişiň birdigini we ulag ulgamynda ýüze çykýan meseleleri çözmeklige çemeleşmeleriň meňzeşdigini görkezdiler. Mejlisiň jemleri boýunça netijeler we maslahatlar tassyklanyldy.

Şeýle hem SPECA-nyň tematiki iş toparynyň çäklerinde ýol-ulag statistikasy we ýol howpsuzlygy statistikasy boýunça seminar geçirildi. Seminara çagyrylan halkara bilermenler gatnaşyjylary BMG-niň edaralarynyň ulag statistikasy ulgamynda alyp barýan işleri we ösen döwletlerde ulag statistikasynyň alnyp barlyşy bilen tanyşdyrdylar. Gatnaşyjylar seminaryň jemini jemläp, onuň netijeleriniň ýol-ulag we hereket howpsuzlygy ulgamlarynda dogruçyl statistiki maglumatlary ýygnamagy kämilleşdirmäge mümkinçilikleri giňeltdi hem-de sebitleýin ulag infrastrukturasyny netijeli we howpsyz peýdalanmagy üpjün etmäge mümkinçilikler döretdi diýip, bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi