icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 iýul 2019

545

DIM-de türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili A.Isaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň birnäçesini, şol sanda öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary hakynda pikirleri alyşdylar.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatiki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar we parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurlygyny bellediler.

Taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly ykdysadyýet we söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetine seredilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi