icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 iýul 2019

728

Bişkekde KHBS boýunça Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady

2019-njy ýylyň 17-18-nji iýulynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde ÝHHG-nyň söz azatlygynyň meseleleri boýunça wekili tarapyndan guralan «Sanly transformasiýa şertlerinde KHBS erkinligi we plýuralizm» ady bilen KHBS boýunça 21-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady.

Maslahat bu mesele boýunça pikirleriň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň alyşylmagy üçin Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Mongoliýadan döwlet edaralaryndan, habar beriş serişdelerinden, raýat jemgyýetinden hem-de ylmy toparlardan bolan 100-den gowrak wekilleri özünde jemledi.  

Mslahatyň çäreleriniň barşynda KHBS-iň sanly tranformasiýasynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäreler plenar mejlislerinden, toparlaýyn ara alyp maslahatlaşmalardan, şeýle hem sebitde taýýarlanylan hem-de durmuşa geçirilýän derwaýys meseleleriň hem-de takyk media taslamalarynyň mysallarynyň düýpli ara alyp maslahatlaşylmagy üçin ugurdaş çärelerden ybarat boldy. Öz çykyşynyň dowamynda türkmen wekiliýeti maslahata gatnaşyjylary Türkmenistandaky KHBS-iň işi bilen tanyşdyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi