icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 awgust 2019

499

«Аwazada» Türkmenistanyň we ÝTÖB-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) wise-prezidenti hanym Betsi Nelson bilen duşuşygy geçirildi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we ÝTÖB-nyň arasyndaky özara ynanyşmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp geçdiler. Myhman bilelikdäki taslamalaryň diňe bir Türkmenistanyň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşine itergi bermän, eýsem sebitiň beýleki ýurtlaryna hem özüniň oňyn täsirini ýetirýändigini nygtady.  

Hyzmatdaşlygyň geçen ýyllarynda hususy pudagyň ösdürilmegi, döwlet we hususy edaralarynyň maliýe binýadynyň pugtalandyrylmagy, sebitiň ulag ulgamyndaky gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi ýaly ugurlarda ähmiýetli işler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýasynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy üçin ÝTÖB mundan beýläk hem göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam etmäge taýýardyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi