icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

11 awgust 2019

2222

Ekspeditorlyk assosiasiýalarynyň Halkara federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Ekspeditorlyk assosiasiýalarynyň Halkara federasiýasynyň (FIATA) Prezidenti Babar Badat bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda myhman Türkmenistanyň FIATA bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary ähmiýetini belläp geçdi, şeýle hem tutuş sebitiň ýurtlarynyň arasynda özarahereketleriň işjeňleşdirilmeginiň we giňeldilmeginiň nukdaýnazaryndan Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň derwaýyslygyny nygtady.

Taraplar halkara ulag gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi ulgamyndaky özarahereketleriň pugtalandyrylmagyna seredip geçdiler, çünki ol täze sebitlere we bazarlara giň mümkinçilik açmak bilen bir hatarda ykdysady ösüşe we durnuklylyga itergi berýändir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi