icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 awgust 2019

756

Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary, Hökümetara okeanografiki komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary W.E.Rýabinin bilen duşuşygy geçirildi. 

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar. Taraplar ylym-bilim we medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçmek bilen, maddy we maddy däl medeni mirasy gorap saklamak we hemmetaraplaýyn ýaýratmak boýunça taslamalar jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.  

Şeýle hem ÝUNESKO-nyň wekili Birinji Hazar ykdysady forumynyň guramaçylygynyň ýokary derejeliligini aýratyn nygtamak bilen, halklaryň arasynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagynda hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde jemgyýetçilik diplomatiýasynyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi