Birinji Hazar ykdysady forumy – köpugurly hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy

2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda ähmiýetli çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi.

Foruma hazarýaka we beýleki döwletleriň ýokary derejeli döwlet işgärleri, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we dünýä metbigatynyň wekilleri bilen bir hatarda dünýäniň ähli ýurtlaryndan müňlerçe myhmanlar geldiler.

Forumyň dabaraly açylyşy «Hazar deňzi: halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbitleri» atly halkara maslahat bilen başlandy, onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Myhmanlaryň ählisini bu çäräniň açylyşy mynasybetli mähirli gutlamak bilen Döwlet Baştutanymyz dünýäniň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşi nukdaýnazaryndan Hazar deňziniň aýratyn ähmiýetini nygtap geçdi. Hazar deňziniň tebigy gorlarynyň goralyp saklanylmagy we netijeli ulanylmagy maksady bilen Täze Hazar ekologiýa maksatnamasynyň döredilmegi boýunça başlangyç orta atyldy.    

Şeýle hem ekologiki taýdan goraglylygy bilen birlikde Hazarda hyzmatdaşlygyň kämilleşdirilmegine seredilip geçildi, çünki olar durmuş taýdan ösüşe, durnuklylyga hem-de ykdysady integrasiýa özüniň oňyn täsirini ýetirýändir. Bularyň ählisi 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmeklige gönükdirilen Türkmenistanyň milli maksatnamalary we dünýä derejesinde alnyp barylýan hereketler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýandyr.

Açylyş dabarasyna şeýle hem «Hazar bäşliginiň» ýurtlarynyň hökümet wekilleri – Azerbaýjanyň premýer-ministri Nowruz Mamedow, EYR-nyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiri, Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin we RF-niň hökümetiniň başlygy Dmitriý Medwedew dagylar gatnaşdylar. Foruma şeýle-de Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow we Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow hem gatnaşdylar.

Günüň dowamynda foruma gatnaşyjylaryň plenar mejlisi, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň ähmiýetli meseleleri, şol sanda Hazar sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek, multimodal ulag geçelgeleriniň kämilleşdirilmegi, «ýaşyl ykdysadyýet» we beýleki ugurlar boýunça ugurdaş mejlisler geçirildi.

Ikinji Hazar ykdysady forumynyň RF-niň Astrahan şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýar.