icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

19 awgust 2016

1943

Türkmenistanyň DIM-de Beýik Britaniýanyň Ilçisi bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde  özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sanjaý Wadwani Obi bilen duşuşyk geçirildi.  

            Duşuşygyň barşynda Ilçihananyň meselelerine hem-de onuň işine yzygiderli ünsi we goldawy üçin Ilçi türkmen tarapyna özüniň minnetdarlygyny bildirdi. Soňra taraplar syýasy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Şeýle-de yzygider esasda geçirilýän daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki ikitaraplaýyn geňeşmeleriň açyk döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigi hem bellenildi. 

Soňra taraplar söwda-ykdysady we gumanitar-medeni ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugry boýunça netijeli gatnaşyklaryň geljekde hem işjeňleşdirilmegi üçin oňyn şertleri döredýän we uly mümkinçiliklere eýe bolan türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň geljegi hakynda pikirleri alyşdylar. Ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi. Şeýle hem geljekde energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garaldy.

            Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Beýik Britaniýanyň Ilçisine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän dürli ugurlar boýunça  türkmen-britan hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşan önjeýli goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa geljekdäki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi