icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 sentýabr 2019

982

Türkmen-German özara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary,  Daşary işler ministri R.Meredowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Naýthart Hýöfer-Wissing bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň «Ýol kartasynyň» ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde ýokary derejeli saparlaryň möhüm orun eýeleýändigi, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň netijeliligi bellenilip geçildi. Taraplar özleriniň global gün tertibiniň derwaýys meselelerine garaýyşlarynyň birmeňzeşligini belläp geçdiler, bu bolsa abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde durmuşa geçirilýän üstünlikli hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapýandyr.

Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, diplomatlar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-German Iş toparynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar we ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň mümkinçilikleriniň üstünde durup geçdiler.

Şeýle-de taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada hem gürrüň etdiler. Köp ýyllaryň dowamynda bilelikdäki medeni çäreler guralýar we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

GFR-yň Türkmenistandaky Ilçisi ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen bagly mähirli gutlaglary üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirip, türkmen-german gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem berkidilmegine ynam bildirdi.

Duşuşyga şeýle hem Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew hem gatnaşdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi