icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 dekabr 2016

564

Türkmenistanyň ýygyndysy—umumytoparlaýyn hasapda ýeňiji!

Şu gün Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary sport toplumynda jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy.Ýaryşyň birinji gününde ýurdumyzyň türgenleri medallaryň 16-syny (üç altyn, dört kümüş we dokuz bürünç) eýeläp, umumytoparlaýyn hasapda öňe saýlanypdy. Ýaryşyň dowamynda türkmen türgenleri bu baýraklaryň üstüne ýene-de medallaryň 17-sini (üç altyn, bäş kümüş we dokuz bürünç) goşdular hem-de öňdäki orny özünde sakladylar.

10-njy dekabrda “ne-waza” (parterde göreş tutluşyklary) görnüşinde baýraklar ugrunda göreş gitdi. Bu tutluşyklarda ildeşimiz Angelina Filippowa Türkmenistanyň ýygyndy toparyna çykyş edýän beýleki bir türgenimiz Nilufar Muhiddinowany aýgytly tutluşykda ýeňip, 55 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda ýeňiji bolmagy başardy. Bu agramda Madina Aýdogdyýewa bürünç medala mynasyp boldy.

49 kilograma çenli agram derejesinde türkmen türgenleri Gülbahar Madreýmowa we Ulýana Kudimowa degişlilikde kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.

Şeýle hem “açyk” bäsleşikler diýlip atlandyrylýan tutluşyklar hem geçirildi. Bu ýaryşlarda agram derejesi hasaba alynmaýar, ýeňiji bolsa ýaryşyň absolýut çempiony diýlip yglan edilýär. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde zenanlar toparynyň wekilleri ýene-de özleriniň ýaryşa oňat taýýarlanandyklaryny görkezdiler. Sabina Agajanowa bilen Ogulşat Nurmedowa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Ýaponiýaly Ýuasa Rikake “ne-waza” görnüşinde Aziýanyň ilkinji çempionatynyň öňdebaryjy türgeni boldy. Ol 49 kilograma çenli agramda hem-de “açyk” tutluşyklarda iki altyn medala mynasyp boldy. Erkekleriň arasynda Faýsal Fahad Ah Alketibi (Birleşen Arap Emirlikleri) ýaryşyň absolýut çempiony boldy. 

Ýaryşyň jemleýji gününde jiu-jitsunyň iki görnüşi--“duo-show” we “duo-classic” (ýaragly we ýaragsyz görkezme çykyşlary) usullarynda baýraklar ugrunda göreş gitdi.Türgenlerimiz bu görnüşler boýunça iki altyn, üç kümüş we bäş bürünç medallary Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hasabyna ýazmagy başardylar.Ahmet we Ýusup Taňryberdiýewler “duo-show” görnüşiniň aýgytly tutluşygynda tailandly türgenler Potiasong bilen Netpongy ýeňip, altyn medala mynasyp boldular. Garyşyk jübütleriň arasynda Patma Hojyýewa bilen Dmitriý Rus kümüş medal gazanmagy başardylar.

Ildeşlerimiz G.Atdaýewa we D.Jumadurdyýewa hem-de P.Hojyýewa we A.Ýalkapowa hormat münberine iki gezek (ikinji we üçünji basgançaklara) çykdylar. Garyşyk jübütler R.Agaýew bilen D.Jumadurdyýewa bürünç medallaryň ikisini eýelediler. Sport jübütleri M.Gimmiýew bilen Ç.Döwletow ýene bir kümüş medaly eýelediler. 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň milli ýygyndy topary (33 medal) umumytoparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldy. Ýer eýelerinden soň Aziýanyň çempionatynda ikinji orny Ýaponiýanyň ýygyndysy (bäş altyn medal) eýeledi. Birleşen Arap Emirlikleriniň (üç altyn medal) türgenleri bolsa hormatly üçünji orny eýelemegi başardylar. 

Mälim bolşy ýaly, jiu-jitsu geljek ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Bu geçen ýaryş Türkmenistanyň ýygyndysynyň taýýarlyk derejesiniň oňatdygyny, şeýle hem toplumlaýyn ýaryşlaryň geçiriljek ýeri bolan sport desgasynyň ýokary hilini tassyklady.

Daşary ýurtly türgenler we tälimçiler Aziýa çempionatynyň ýokary guramaçylygyny, eminler toparynyň adalatly eminlik edendigini hem-de ýüzlerçe türkmen meýletinçileriniň sazlaşykly işländiklerini bellediler. Myhmanlar türkmen türgenleriniň Aziada-2017 ýaryşlarynda medallara baş dalaşgär boljakdygyna şübhelenmeýärler.

Ýene iki aýdan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigi iri halkara ýaryşy bolan ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyny kabul eder. Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk sport toplumynda şeýle ýaryşyň şu ýylyň sentýabr aýynda eýýäm geçirilendigini ýatlaýarys. Şol ýaryşda ildeşlerimiz 44 medal (15 altyn, 13 kümüş we 16 bürünç) gazanyp, umumytoparlaýyn hasapda ynamly ýeňiş gazanypdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi