icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 oktýabr 2019

557

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili bilen duşuşygy

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Fekitamoeloa Utoikamanu bilen duşuşdy.

Taraplar geljekki Wena Meýilnamasynyň işleriniň orta möhletde gözden geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Ýokary wekil 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen BMG-niň ulag boýunça Ilkinji Global maslahatynyň dowamynda orta atylan Aşgabat prosesiniň ösüşiniň esasy tapgyrlarynyň biri boljak, 2020-nji ýylda deňize çykalgasy bolmadyk we ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek baradaky teklibi goldady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi