icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

03 dekabr 2019

2261

Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp sport ýaryşlar geçirildi

2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň arasynda küşt we badminton boýunça ýaryşlar geçirildi.

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen küşt ýaryşyň jemi boýunça 1-nji we 2-nji orunlara Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, 3-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda geçirilen badminton ýaryşda 1-nji orny Pakistan Yslam Respublikasynyň, 2-nji orny Hytaý Halk Respublikasynyň we 3-nji orny Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň wekilleri eýelediler.

Ýaryşlarda ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän sport çäreler dowam edýär.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi