icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 fewral 2017

1260

Türkmenistanyň DIM-nde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Türkmen paýtagtyna Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) halkara synçylar toparyna baştutanlyk edip gelen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Rashid Alimowy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ŞHG-nyň kuwwaty sebit howpsuzlygynyň berk deňagramlylygyny saklamak üçin, gapma-garşylyklara ýol bermezlik we gepleşikleri olary çözmegiň ýeke-täk guraly hökmünde ykrar edilmegi üçin ulanylmalydyr diýip bellediler. Bu çarçuwada Türkmenistan özüniň ŞHG bilen gatnaşyklaryny ösdürmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek bilen we sebit ykdysady taslamalara özüniň gatnaşmagynyň ileri tuýan ugry bilen kesgitlenýan çäklerde görýändigi bellenildi.

Pursatdan peýdalanyp Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary 12-ji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna çakylyk üçin minnetdarlygyny bildirip we bu örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmekde üstünlikler arzuw etdi.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi