icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

09 ýanwar 2020

3411

Eýranyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi bilen duşuşyk

2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Daşary işler ministri R.Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşygy geçirildi.

Öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuryp, Ilçi Golam Abbas Arbab Hales ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen türkmen tarapynyň gutlagyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde has hem berkidilmegine ynam bildirdi.

Diplomatlar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryny, şol sanda, ulag-üstaşyr ulgamyny hem-de iki goňşy döwletiň sebitleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylyň ähmiýeti we türkmen döwletiniň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady ösüşi saklamakda eýeleýän orny barada durup geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi