icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 fewral 2017

1198

Hazarýaka döwletleriniň wekilleri Hazar deňzinde biologic serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar

2017-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçylyga) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň 2-nji duşuşygynyň açylyşy boldy. Maslahata gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri geldiler.

Bu maslahatyň 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen birinji duşuşygynda bilermenler bu Teswirnamanyň taslamasynyň öz ýutrlaryndan alan belliklerdir tekliplerini girizip käbir maddalaryny ylalaşypdylar.

Mejlise gatnaşyjylar Hazaryň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamaga we artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleri kabul etmegiň wajypdygyny aýtdylar. Ösümlik we tebigat dünýäsine baý bolan deňziň biologiki serişdeleriniň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Bitarap Türkmenistan döwletiniň daşary syýasatynda Hazar deňzi bilen bagly meseleler möhüm orny tutýarlar. Bu ugurda biziň ýurdumyz hemme taraplaryň ileri tutýan milli bähbitlerini nazarda tutup işjeň gepleşikleriň tarapdary, biologiki dürlüligi gorap saklamak, Hazar deňziniň baý gorlaryndan rejeli peýdalanmak, deňziň derejesini parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzi diýip berkitmekligiň tarapdary bolup çykyş edýär.

 Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçylyga) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň 2-nji duşuşygy öz işini fewral aýynyň 16-na çenli dowam etdirer.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi