icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 ýanwar 2020

1163

Türkmenistanyň wekiliýeti “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy

2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Berlinde geçirilen “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Şeýle hem maslahatyň işine Germaniýanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi we sebitde howpsuzlygy saklamak, şol sanda, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, biodürliligi gorap saklamak, çölleşmäge garşy göreşmek, daglyk sebitleriniň ösdürilmegi we beýlekiler bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşdylar.

Ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde howa hem-de howpsuzlyk boýunça “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly Sebitleýin başlangyjyna badalga berildi.

Başlangyjyň maksady howanyň üýtgemegi we onuň bilen bagly howplary baradaky köpugurly gepleşigiň goldanylmagyndan ybaratdyr.

“Ýaşyl Merkezi Aziýanyň” ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasyny durmuşa geçirmekde ähmiýete eýe bolar. Mundan başga-da bu strategiýa ýurtlaryň howa we ekologiki ýagdaýlar ýaly töwekgelçiligiň içerki we daşky şertlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly başlangyjy goldadylar we bilelikdäki Jarnama gol çekdiler.

Mundan başga-da, 27-28-nji ýanwarda ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri GFR-iň Daşary işler ministri Haýko Maas, ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili / Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Žozep Borell Fontelles, GFR-iň Kansleriniň daşary syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Geňeşçisiniň orunbasary Kristina Baýnhof, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Buriýan, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms, şeýle-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mirwaýs Nab dagy bilen duşuşyklary geçirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi