icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

09 fewral 2020

3336

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň täze Ilçisi akkreditirlendi

2020-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonso bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda, Ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasyny goldamaga taýýardygyny beýan edildi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň özara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle-de taraplar halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem-de dürli ulgamlarda gatnaşyklary kämilleşdirmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Ýewropa Bileleşigi öz ilçihanasyny 2019-njy ýylda Aşgabatda açypdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi