icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 aprel 2020

1000

Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNKTAD-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryna aýratyn üns berdiler. Bu ugurda Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýasynyň 2020-2023-nji ýyllar üçin ikinji tapgyryny amala aşyrmagyň çäklerinde “Halkara söwda üçin Türkmenistanyň bir penjire toruny girizmek” atly  Türkmenistanyň – ÝUNKTAD-yň – BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNKTAD-yň Söwda we ösüş boýunça Geňeşiniň çäklerinde amala aşyrýan işlerine garadylar, şeýle hem giň gerimli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn ösdürmek meselesi boýunça pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi