icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 iýun 2020

701

Türkmen-tatar iş toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň nobatdaky wideokonferensiýa görnüşindäki mejlisi geçirildi. Wekiliýetlere Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri A.A.Karimow we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhamedow dagylar ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň barşynda türkmen-tatarstan hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna itergi berýän dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň aýratyn depgini bellenildi.

Çäräniň dowamynda taraplar iş toparynyň geçen mejlisiniň çözgütleriniň durmuşa geçirilmeginiň, şonuň ýaly-da söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özarabähbitli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde maşyngurluşyk, nebithimiýa, awiasiýa senagaty, gämigurluşygy, oba hojalygy we beýlekiler kesgitlenildi.

Mälim bolşy ýaly, iş toparynyň çäklerinde taraplar özarahereketleriň dürli ugurlarynda ähmiýetli ylalaşyklary gazandylar, şonuň ýaly-da türkmen tarapynyň Tatarstan Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hem hyzmatdaşlygy has hem işjeňleşdirildi.

Şeýle hem türkmen-tatar iş toparynyň bilelikde başlyklyk edijileri özaragatnaşyklaryň giň ugry boýunça özara gyzyklanma döredýän we bilelikde durmuşa geçirmek ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda pikire geldiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi