icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

07 mart 2017

3697

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Margret Maria Übber Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal daşary işler ministri Zigmar Gabriýeliň Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ýetirmek üçin gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulan senesinden bäri geçen 25 ýylyň içinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda iki ýurduň arasynda gazanylan beýik ösüşler barada pikir alyşyp, mundan beýläk hem Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda bu köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdüriljekdigini belläp geçdiler.

         Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy martynda ýola goýuldy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi