icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 iýul 2020

1457

BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri boýunça brifing

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri boýunça brifing geçirildi. Mälim bolşy ýaly, BSGG ÝSE-nyň adatdan daşary ýagdaýlaryň meseleleri boýunça baş hünärmeni Katrin Smolwud missiýa baştutanlyk etdi.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle Türkmenistanyň DIM-niň ýanynda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň habarçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow çärede çykyş edip, BSGG ÝSE-nyň Türkmenistandaky missiýasynyň işine ýokary baha berdi hem-de şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary Hökümet toparynyň mejlisiniň netijelerini beýan etdi. Ministr ýurdumyzda howply ýokanç keselleriň ýaýramagyny duýdurmaga gönükdirilen, öňüni alyş çäreleriň mundan beýläk-de güýçlendirilmegi ugrunda alnyp barylýan amaly işler barada belläp geçdi. Bu maglumatlar wideo-ýazgylaryň üsti bilen hem jikme-jiki gökezildi.

Soňra BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska çykyş etdi. Ol türkmen tarapyna BSGG-niň missiýasyny gurnamakda beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de global pandemiýa garşy göreşmek boýunça işleriň utgaşykly alnyp barylmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tagalalary barada belläp geçdi.

Wekiliýetiň ýolbaşçysy Katerin Smolwud Türkmenistana bolan on günlük saparynyň netijeleri bilen paýlaşdy. Saparyň dowamynda bilermenler ýurduň paýtagtyndaky hem-de welaýatlaryndaky dürli saglygy goraýyş edaralaryna, giriş nokatlaryna, laboratoriýalara bardylar we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen duşuşdylar, şeýle hem epidemiologiki gözegçiligi boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdylar. Ol Türkmenistanyň BSGG-niň Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurdy bolup durýandygyny belledi. Şonuň üçin hem, öňüni alyş çäreleriň berkidilmeginiň dowam etdirilmeginiň gerekdigini aýtdy. Şeýlelikde, BSGG-niň bilermenleri COVID-19-a garşy taýýarlygynyň we dessin çäreleriň görülmeginiň derejesini ýokarlandyrmak boýunça strategiki maslahatlar bilen paýlaşdylar.

Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdi. Ol BSGG-niň bilermenleriniň missiýasyna koronawirusyň täze görnüşiniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreleriň üstüni ýetirýän netijeli işleri, maslahatlary we teklipleri üçin minnetdarlyk bildirdi. BSGG-niň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen utgaşykly alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýeti barada nygtalyp geçildi.

R.Meredow ähli ylmy barlaglaryň, şol sanda dürli görnüşdäki ýokanç keselleriniň ýaýramagyna we döremegine täsir edýän dürli tebigy sebäpleriň  nazara alynmagynyň wajyplygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Aral meselesine we Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurda alyp barýan işleri  nygtaldy. Türkmenistanyň geografiki aýratynlyklaryny nazara almak bilen, adam ömri üçin howply bolup durýan, Aral deňziniň guran düýbünden zyýanly maddalary  uly giňişliklere ýaýradýan, tozanly-duzly ýeller barada aýdylyp geçildi. Bu ýerde howanyň hapalanmagynyň derejesi hem-de keselleriň aýratyn görnüşleri bilen kesellemegiň arasyndaky arabaglanyşygy öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň ähmiýeti dogrusynda bellenildi. Şeýlelikde, Ministr howanyň we howa-damjalaryň üsti bilen ýaýraýan kesel dörediji mikroorganizmleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, ýörite awiasion tehnikalaryň kömegi arkaly howany zyýansyzlandyrma işleriniň başlanandygyny nygtap geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, R.Meredow sanjymlaryň işlenilip düzülmegi bilen aýratyn howply ýokanç keselleriň bejergisiniň we olaryň öňüniň alynmagynyň görnüşleriniň, usullarynyň hem-de serişdeleriniň, şeýle hem aýratyn howply ýokançlaryň emele gelşi baradaky maglumatlaryň gözlenilmegine ýardam etjek, ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmäge ýene bir gezek çagyrdy. Türkmenistanyň bu maksatlara ygrarlydygy ýurduň C-TAP Platformasyna we BSGG-niň beýleki ulgamlaryna goşulmagy arkaly aýdyňlaşdyrylýandygy barada bellenilip geçildi.

Öz çykyşynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa Türkmenistanyň BMG-niň ähli düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtady. BMG bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Türkmenistanyň milli meýilnamasynyň ähmiýeti barada belläp, Ýe.Panowa pandemiýanyň durmuş, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli täsirini azaltmak boýunça bilelikdäki meýilnamalary barada aýdyp geçdi.

Brifingiň ahyrynda taraplar raýdaşlyk hem-de özara goldaw bermek ýörelgeleri bilen umumyadamzat bähbidi ugrunda bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň wajyplygyny nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi