icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 awgust 2020

1240

Türkmen-tatarstan özaragatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri Albert Karimow bilen wideogepleşikleri geçirdi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň çarçuwasynda Türkmenistan RF-niň subýektleri bilen netijeli özarahereketleriň alnyp barylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda söhbetdeşler geljekde bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň özaragatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini belläp geçdiler.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda RF-niň Tatarstan Respublikasynyň «KAMAZ» JPJ, «Tatneft» JPJ, «Kazan dikuçar zawody» JPJ, «KER-Holding» JÇJ, «Ak bars» Gämigurluşyk korporasiýasy» PJ ýaly öňdebaryjy kompaniýalary we bu sebitiň beýleki işewürlik düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň döwlet we işewürlik düzümleri bilen ygtybarly hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň çäklerinde ýurdumyz nebitgaz senagaty, maşyngurluşyk, gämigurluşyk, awtoulag tehnikasy, serwis hyzmatlarynyň berilmegi, dürli maksatly iri senagat desgalarynyň gurluşygy we düýpli abatlamasy ýaly ileri tutulýan ugurlarda ysnyşykly özarahereketleri ýola goýdy.

Söhbetdeşler şonuň ýaly-da lukmançylyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň hem giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Dünýä derejesinde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly bolan häzirki şertlerde bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolýandyr. Bu ugurda Türkmenistanyň we RF-niň Tatarstan Respublikasynyň alymlarynyň, ýokary hünär derejeli hünärmenleriniň we lukmanlarynyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň netijeli ulanylmagyna, şonuň ýaly-da taraplaryň pandemiýa garşy göreşmek işindäki tagallalarynyň utgaşdyrmak hereketini hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.

Taraplar şeýle-de özara gyzyklanma döredýän geljegi uly ugurlar boýunça özarabähbitli we ygtybarly hyzmatdaşlygy geljekde-de giňeltmek hem-de pugtalandyrmak babatynda ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi