Türkmenistan we Owganystan serhetýaka suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

Şu gün, 2020-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň binasynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky suw-hojalyk meseleleri boýunça Utgaşdyryjy toparyň dördünji mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçdirildi.  

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde owgan wekiliýetine Owganystanyň Suw serişdeleri ministriniň tehniki meseleler we suw serişdeleriniň milli derejede kadalaşdyrylmasynyň dolandyrylyşy boýunça orunbasary Ahmad Waýs Basiri ýolbaşçylyk etdi.  

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň ugurdaş pudak edaralarynyň Amyderýa, Murgap hem-de Tejen derýalarynyň akymlarynyň deň derejeli we rejeli peýdalanylmagy boýunça özara hereketleriniň meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. 

Mälim bolşy ýaly, suw diplomatiýasy – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we iri forumlaryň barşynda öňe sürlen halkara başlangyçlary suw meseleleriniň tutuş ulgamy babatynda sebit hem-de sebitara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmegine gönükdirilen bolup durýandyr. Hususan-da bu, Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn belläp geçişi ýaly, sebitiň ýurtlarynyň ählisiniň gyzyklanmasynyň nazarda tutulmagynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda çözülmäge degişli bolan serhetýaka suw serişdeleriniň toplumlaýyn we gyradeň ulanylmagynyň özara kabul ederlikli bolan guralynyň işlenilip düzülmeginiň meselelerine degişli bolup durýandyr. 

Bu ulgamyň derwaýyslygy Merkezi Aziýada oba hojalygy we sebagat, elektrik energiýasynyň önümçiligi, ilatyň agyz suw bilen üpjünçiligi üçin ulanylýan suw serişdeleriniň esasy çeşmesiniň derýalar bolup, olaryň hem ählisiniň diýen ýaly – serhetýaka derýalary bolup durýandygy bilen şertlendirilendir. 

Nobatdaky duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar halkara hukugynyň kadalaryna we ýörelgelerine, şonuň ýaly-da taraplaryň gyzyklanmalarynyň özara nazarda tutulmagy bilen serhetýaka suw serişdeleriniň bilelikde peýdalanylmagy ulgamynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respubliaksynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy we ösdürilmegi barada pikirlerini beýan etdiler.