icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 aprel 2017

954

Aşgabatda Türkmen-koreý hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2017-nji ýylyň 6-njy aprelinde Aşgabatda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiýa hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň agzalary gatnaşdylar. Toparyň türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew, koreý wekiliýetine Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri Jo Hýung Hwang wekilçilik etdiler.

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň 6-njy mejlisiniň gün tertibine ykdysadyýet we söwda, maliýe ulgamynyň standartizasiýasy we dolandyryşy ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri goşuldy. Taraplar şeýle hem energetika we uglewodorod serişdeleri, gurluşyk, oba hojalygy, saglygy goraýyş, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni-ynsanperwer ugrunda, esasan hem ylym we bilim, medeniýet, syýahatçylyk we söwda pudaklarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meýilleri beýan edildi.

Aşgabatda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň indiki mejlisini 2018-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda geçiriler.

Koreý wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäginde türkmen ykdysadyýetiniň serişdeleri hem-de eksport mümkinçilikleri we Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň teklipleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen işewürler maslahaty geçirildi. Bu ýerde esasy üns ýerli serişdeleri ulanmak arkaly ýokary tehnologiýa önümçiligi çygrynda hyzmatdaşlyk meselelerine berildi. 

Maslahatyň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, telekeçileri we senagatçylary, «Hyundai Engineering Co., LTD», «LG International Corp.», «Samsung C&T Corporation», «POSCO Engineering & Construction Co. Ltd», «POSCO Daewoo Cooperation» ýaly kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi