icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 ýanwar 2021

1260

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklary geçirdi

2021-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşygy boldy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça özara hereketleriň ýokary depginini tassykladylar. Döwletara syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeliligi hem-de yzygiderli ösdürilýändigi bellenilip geçildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýyl iki goňşy döwletiň özara hereketleriniň möhüm tapgyrlary, hususan-da iri infrastruktura taslamalarynyň ilerledilmegi ugrundaky tagallalary aýratyn nygtaldy, şonuň ýaly-da şu ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli ylalaşdyryş Ýokary geňeşiniň başlygy doktor Abdulla Abdulla bilen hem duşuşygy geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi