icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 ýanwar 2021

872

Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şol sanda beýleki ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Pudagara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ähmiýetli işler barada giňişleýin gürrüň etdi.

Mejlisiň barşynda Pudagara toparynyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat diňlenildi we geljek döwür üçin işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Parlament hakyndaky konstitusion kadalaryň kämilleşdirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr. Çärä gatnaşyjylar özara hereketleriň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy boýunça ýurdumyzyň BMG-niň, Halkara zähmet guramasynyň, Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeleri bilen birlikde, bu ugurda ýerine ýetirilen işler barada jikme-jik maglumatlary berdiler.

Toparyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda gelýän üstümizdäki 2021-nji ýyl üçin Iş Meýilnamasyna hem seredildi. Şu ýyl üçin bellenen meýilnamalaryň ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy boýunça döwlet işiniň esasyny düzýän ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ilerledilmegine gönükdirilendigi bellenilip geçildi.

Gender deňligi, çagalaryň we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklarynyň goraglylygy ulgamyndaky milli maksatnamalaryň, şeýle hem döwlet ýaşlar syýasatynyň hem-de olaryň durmuşa geçirilmegi boýunça hereketleriň meýilnamalarynyň taslamalarynyň işlenilip düzülmeginiň derwaýyslygyna aýratyn üns berildi.

Pudagara toparynyň agzalary okuw sapaklary, milli hasabatlaryň, synlaryň taýýarlanylmagy boýunça duşuşyklar we geňeşmeler birlikde yzygiderli geçirilýän çäreler barada hem habar berdiler. Adam hukuklarynyň berjaý edilmegi ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegiň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Şeýle-de Pudagara toparynyň mejlisinde Halkara ynsanperwer hukugynyň (HYH) ornaşdyrylmagy babatyndaky 2018–2020-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat diňlenildi hem-de 2021–2023-nji ýyllar üçin täze Iş meýilnamasynyň degişli taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Adam hukuklary boýunça habarlylygyň ýokarlandyrylmagy we arzalary işlemegiň hem-de olary utgaşdyrmak ulgamynyň kämilleşdirilmegi, şol sanda Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryna we olaryň goşmaça teswirnamalaryna gatnaşmak meseleleri pikir alyşmalaryň derwaýys temalarynyň biri boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi