icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 aprel 2017

1111

Wengriýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2017-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen  gelen Wengriýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Taşkent ş.) j-p Peter Sante bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky ynamly we özarabähbitli gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar yzygiderli esasda geçirilýän işjeň we köpderejeli gepleşikleri hoşallyk bilen bellediler. Şunlukda ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýeti barada aýdyldy.

Gepleşikleriň çäginde syýasy we söwda-ykdysady çygyrlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde ösdürmegiň meselelerine seredildi. Taraplar söwda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça teklipleri beýan etdiler. Ylym we bilim ugurlaryna taraplaryň aýratyn ünsi berildi. Şeýle hem suw resurslaryny oýlanşykly peýdalanmak ugrunda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirildi.

Duşuşygyň çarçuwasynda Wengriýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Peter Sante ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi