icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 aprel 2017

830

Türkmenistanyň DIM-nde Türkiýe Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ministrligiň binasynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin gelen Türkiýe Respublikasynyň Premýer-Ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeşiň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.

 Gepleşikleriň barşynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ýola goýlan dialogyň ösdürilmegine gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şu jähtden taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, bu ugurda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde ösdürilmegine ygrarlydygyny bellediler. Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmeklige gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Gepleşilkeriň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda-ykdysady ulgamynda, şol sanda, energetika, ulag, senagat we oba hojalygy pudaklarynda özara gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer düzüjisi barada aýdylanda, bilelikdäki medeni çäreleriň oňyn ähmiýeti we bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi