Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri iş sapary bilen Türkmenistana geldi

2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Saparyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara, ýagny Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga hem-de Ýerden muzdly peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga Goşmaça Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalara Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow gol çekdiler.

Soňra Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylygynda türkmen we özbek wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibi örän baý mazmunly boldy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletara gatnaşyklary ilerletmäge itergi berýän ýokary derejedäki özara saparlary guramagyň ähmiýeti bellenildi. Taraplar şeýle-de hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmegi nygtadylar.

Ministrler iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdiler we bu depgini goldamagy ylalaşdylar. Diplomatlar sebitde hem-de onuň daşynda howpsuzlygy, durnuklylygy we jemgyýetçilik-ykdysady ösüşi pugtalandyrmak işlerinde garaýyşlaryň meňzeşligini tassykladylar.

Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda gyzyklanmalary beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara gurallaryň işjeň herketlerini, şeýle-de hususy pudagyň hünärmenler we wekiller derejelerdäki gatnaşyklaryny goldamagyň ähmiýeti bellenildi. Ulag, energiýa, oba we suw hojalygy hem-de beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar medeni-ynsanperwer we saglygy goraýyş ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň taryhy-medeni ýadygärliklerini gorap saklamak we wagyz etmek boýunça şu ýylda bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçiliklerine seredildi. Iki ýurduň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýeti hem nygtaldy.