Türkmenistanyň we YHG-niň özara hereketleriniň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 16-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş Sekretary Hadi Süleýmanpur bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda YHG-niň işleriniň ýygjamlaşdyrylmagy hem-de «YHG-niň 2025-nji ýyla çenli Garaýşyna» laýyklykda işlenilip taýýarlanylan meýilnamalaryň we maksatnamalaryň talabalaýyk durmuşa geçirilmegi üçin guramanyň beýleki agza-ýurtlary bilen hereketleriň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy ugrunda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň 28-nji noýabrynda YHG-niň 15-nji Sammitiniň guramaçylygy bilen bagly meseleler dogrusynda pikirler alyşyldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär. Şu nukdaýnazardan, nobatdaky Sammitiň taraplaryň YHG-niň sebitinde öňegidişlikleriň we gülläp ösüşiň gazanylmagyna ählitaraplaýyn ygrarlydygyny görkezjekdigine ynam bildirildi.   

Şonuň ýaly-da, türkmen tarapynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşine başlyk ediji hökmünde hem şu ýylyň iýulynda onlaýn we fiziki gatnaşmak formatynda YHG-niň Sebitleýin meýilnamalaşdyryş geňeşiniň nobatdaky duşuşygynyň geçirilmegine taýýarlygy hem bellenildi.  

Türkmenistanyň söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini strategiki wezipe hökmünde kesgitleýändigi hem nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda şonuň ýaly-da Türkmenistanyň YHG-niň sebitinde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi babatynda Guramanyň maksatlarynyň we wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi ugrunda özara hereketleriň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmegine taýýarlygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Şol gün Türkmenistanyň DIM-de ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda YHG-niň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-de başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine hem-de «YHG-niň 2025-nji ýyla çenli Garaýşyna» laýyklykda köpugurly özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şonuň ýaly-da, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça hem pikirler alyşyldy.