Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara hereketleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilýetiniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur hem gatnaşdylar.  

Bu çäre Türkmenistanyň şu ýyl başlyklyk edýän YHG-sy bilen özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gönükdirilendir.

Taraplar «Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Guramada başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny» hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek maksady bilen, YHG-nyň meýdançasynda ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunlukda, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitiniň geçirmegine görülýän taýýarlyklaryň depgini boýunça pikirler alyşyldy. Bu Forumyň guramaçylyk we protokol meseleleri, şol sanda Gün tertibiniň, Maksatnamasynyň we Jemleýji resminamasynyň taslamalarynyň taýýarlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

  

Taraplar şeýle-de şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Sebitleýin Meýilnamalaşdyryş geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.

Şu nukdaýnazardan taraplar «YHG-niň 2025-nji ýyla çenli Garaýşynyň» hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki işleriň has hem ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygyny nygtadylar.