icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 awgust 2021

852

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Birleşen Arap Emirlikleriniň Ilçisini kabul etdi

2021-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow BAE-niň Ilçisini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler. Ýola goýlan netijeli dialogy mundan beýläk hem ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny belläp, taraplar aragatnaşyk, oba hojalygy we ekologiýa ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Abraýly sebit hem-de halkara guramalarynda, şol sanda BMG-niň we beýlekileriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň hem-de halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi barada aýratyn bellenilip geçildi.

Diplomatlar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary has hem ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler, çünki taraplaryň bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleri bardyr. Şeýle hem Dubaý şäherinde geçiriljek “EXPO-2020” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy meýilleşdirýändigi barada nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Ahmet Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli Türkmenistanyň Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy hem-de türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygy barada ynandyrdy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi