icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 awgust 2021

1331

Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün, 26-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.      

Işjeň söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn türkmen-ýapon özara hereketletiniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda, şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine bolan saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, iýuldaky saparyň barşynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar taraplaryň bank-maliýe, ulag hem-de ýol tehnikasy ulgamlaryndaky özara hereketletini öz içine alýandyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi