icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 sentýabr 2021

754

KHBS boýunça 23-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi

2021-nji ýylyň 9-10-njy sentýabrynda Daşkent şäherinde onlaýn hem-de göni gatnaşyk görnüşinde ÝHHG-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa boýunça 23-nji maslahaty geçirildi. Nobatdaky duşuşygyň temasy «Merkezi Aziýada KHBS-leriň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy» boldy.

Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Mongoliýadan hökümete, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, raýat jemgyýetine hem-de ylmy bileleşige wekilçilik edýän 70-e golaý gatnaşyjylar ahlak ülňüleriniň we auditoriýa bilen özara hereket etmegiň nukdaýnazaryndan jemgyýetçilik habar berişiniň häzirki gymmatlyklaryny, mazmunyny we strategiki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Merkezi Aziýanyň media-ulgamynyň wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň hem-de ýurduň garaşsyz habarlar agentlikleriniň hünärmenleri hem maslahata göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly işjeň gatnaşdylar.

ÝHHG-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlyklarynyň meseleleri boýunça wekili Tereza Ribeýru, raýatlar tarapyndan oňyn kabul edilýän hem-de jemgyýeti tutuşlygyna gurşap alýan täzelikleri, jemgyýetçilik maglumatlaryny we medeniýet maksatnamalaryny habar bermäge ukyply bolan habarlary ýaýratmagyň ygtybarly serişdesiniň derwaýyslygyny belläp geçdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi