icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 sentýabr 2021

980

Türkmenistanyň DIM-de ÝUNISEF-iň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

2021-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gazanylan üstünlikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçdiler. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda çagalar üçin köpugurly durmuş hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen Milli strategiýalaryň we bilelikdäki taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Şeýle hem häzirki dowam edýän 2018-2022-nji ýyllar üçin Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň milli Meýilnamasyna baha bermek boýunça işleriň alnyp barylýandygy we täze Meýilnamanyň işlenilip düzülmegine taýýarlanylýandygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda R.Meredow K.Weýganda BMG-niň bu ähmiýetli edarasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň baştutany türkmen tarapyna şu ýyllaryň dowamynda wezipesini ýerine ýetirmekde eden ýardamlary we goldawy üçin öz hoşallygyny bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi