icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 sentýabr 2021

929

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynda çäreler geçirilýär

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary we konsullyklary tarapyndan maslahatlar, forumlar, sergiler, konsertler we başga-da ençeme çäreler gurnalýar.

Şeýlelikde, 23-nji sentýabrda Hyrat şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan bu şanly senä bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa Hyrat we Badhyz welaýatlarynda ýaşaýan türkmen kowçumlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkyny ýurdumyzyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Türkmenistanyň owgan halkyna berýän dost-doganlyk goldawy we ynsanperwerlik kömegi üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp Türkiýäniň Kyrşehir Ahy Ewran uniwersitetinde, ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň, şol sanda türkmenistanly talyplarynyň gatnaşmaklarynda medeni çäre geçirildi. Çäräniň çäklerinde uniwersitetde okaýan talyplaryň konserti hem-de ýurdumyzyň medeni gymmatlyklarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi geçirildi.

Mundan başga-da, ABŞ-nyň Sietl şäherinde “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we onuň daşary syýasatyndaky halkara başlangyçlar” temasy boýunça maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa Türkmenistanyň raýatlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bitarap statusyna esaslanýan hoşniýetli daşary syýasaty barada barada gürrüň berildi. Duşuşyga gatnaşanlar halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmeklige gönükdirilen hoşniýetli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigi barada belläp geçdiler. 

Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçihanasy hem baýramçylyk çäresini geçirdi. Oňa London şäheriniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary hem-de türkmen kowçumlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi çykyş edip, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ugurlary boýunça Türkmenistanda amala aşyrylan uly özgertmeler barada aýdyp geçdi.

Mundan başga-da, baýramçylygyň öňüsyrasynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäheriniň merkezinde baş köçeleriniň biri bolan Jalan Ampang köçesiniň ugrunda ýerleşýän ekranlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wideo şekiller halk köpçüligine ýetirilýär. Şeýlelikde, şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Türkmenistan bilen, döwletimiziň daşary syýasaty bilen hem-de ykdysady, medeni we sport ugurlarynda ýetilen sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan şanly sene – türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi. onuň dowamynda garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler hem-de içeri we daşary syýasatynyň ösüşi babatynda aýratyn bellenildi.

Bulardan başga-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Nur-Sultan şäherinde ýerleşýän “Nur Älem” muzeýiniň binasy Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň reňkleri bilen žekillendirildi. Bu waka türkmen halky üçin şanly senä bagyşlanan özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Samsun şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan “Ondokuzynjy maý” uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de Ilçihananyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Çärede çykyş edenler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp geçdiler. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmatly eserleriniň we ýurdumyzyň medeni gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Mundan başga-da çärä gatnaşyjylar türkmenistanly talyplaryň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi