Türkmen-rus özara hereketleriniň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img

07/10/2021

123

Şu gün, 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar rus wekiliýetiniň Türkmenistana nobatdaky saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigine şaýatlyk edýändigini belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has hem ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň zerurlygy nygtaldy. Abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerindäki özara hereketleriň oňyn tejribesi aýratyn bellenilip geçildi.

Söhbetdeşler şeýle-de hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly meselelere-de seredip geçdiler. Energetika, gazhimiýa, senagat, ulag, logistika, söwda, maşyngurluşyk, oba hojalygy hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki geljegi uly ulgamlar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda öňe çykaryldy. 

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň hem ýokary depginini aýratyn belläp geçdiler. Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň sebitara özara hereketleriniň ýaýbaňlandyrylmagy nukdaýnazaryndan işjeň özara saparlaryň amala aşyrylýandygy hem bellenilip geçildi.