icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 oktýabr 2021

1104

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň EYR-nyň Ýol we şäher gurluşyk ministri bilen duşuşygy

2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda EYR-na saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Rostam Gasemi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu goňşy döwlet bilen bilelikde amala aşyrýan awtomobil ýollary, demirýollary ugurlary boýunça taslamalary barada gürrüň edildi. Türkmen tarapy üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberini has hem artdyrmagy, şeýle hem iki ýurduň arasynda deňiz gatnawlarynyň ýola goýulmagyny teklip etdi.

Taraplar Türkmenistanyň we EYR-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarynyň mundan beýläk hem giňeldilmegi üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtaldylar.

Mundan başga-da saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň Eýranyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi