icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 maý 2017

1239

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerine gül goýdy

2017-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Asylly däbe görä, şanly sene mynasybetli dabaralar Konstitusiýa binasynyň ýanynda başlandy.

Bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy hem-de deputatlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler ýygnandylar. Şeýle hem bu dabaralara jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň zähmetkeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Prezidentiň awtoulagy bu binanyň öňündäki baýramçylyk lybasyna bezelen meýdança geldi. Döwlet baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, haly ýodajyk bilen binanyň öňündäki meýdança bardy. Şol wagt Türkmenistanyň Döwlet senasy ýäňlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa binasynyň etegine demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň esaslarynyň mizemezligini, türkmen halkynyň jebisligini we agzybirligini, onuň Watanymyzyň abraýyny we şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine beýik işlere taýýardygyny alamatlandyrýan gül çemenini goýdy.

Ýurdumyzyň hormatly Prezidentiniň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy we hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary binanyň etegine gül desselerini goýdular. Olara Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary goşuldylar.

Soňra Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň seýilgähine geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyrynyň öçmez-ýitmez mirasyna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde ýadygärligiň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy. Soňra Mejlisiň Başlygy we deputatlar, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, dabara gatnaşýan beýleki adamlar ýädygärligiň etegine gülleri goýdular.

Dabara tamamlanandan soň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi