icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 maý 2017

1336

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iş sapary

2017-nji ýylyň 19-njy maýynda agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana geldi.

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde özbek Liderini resmi adamlar garşyladylar. Şol ýerde haly ýodajygynyň ugrunda Özbegistanyň Baştutanynyň gelmeginiň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Howa menzilinden Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna, sapar döwründe özi üçin niýetlenen kabulhanasyna tarap ugrady.

20-nji maýda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler başlandy. Garşylamak dabarasyndan soň, döwlet baştutanlary ikiçäk görnüşde gepleşikleri geçirýärler.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdirildi. Taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň giň meseleler toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar syýasy ulgamda hyzmatdaşlyk meselelerini, hususan-da halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde sebitdäki we Aziýa yklymyndaky ýagdaýlary kadalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak gepleşikleriň aýratyn meselesi boldy.

Şeýle hem türkmen we özbek liderleri netijeli söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa we beýleki ulgamlarda ikitapaplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni-ynsanperwer we ylmy
ugur boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Taraplar bu ulgamlarda çäreleri – iki ýurduň medeniýet günlerini, döredijilik, ylmy forumlary geçirmek barada ylalaşdylar.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Iki ýurduň baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda şu aşakdaky resminamalara: Daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we daşky gurşawy goramak baradaky döwlet komitetiniň arasynda Ylalaşyga; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Nizami adyndaky Daşkentiň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Aşgabat bilen Daşkent şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Aşgabat şäheriniň häkimliginiň (Türkmenistan) we Daşkent şäheriniň häkimiýetiniň (Özbegistan Respublikasy) arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistan Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de özbek türgenleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagyny guramak hakynda Teswirnama; “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Uzbeknefitgaz” milli holding kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Uzbekenergo» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda elektrik energiýasyny üstaşyr ibermek we geçirmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» gullugy bilen «Uzbekiston hawo ýullari» milli awiakompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri resmi däl ýagdaýda söhbetdeşligi dowam etdirdiler. Iki ýurduň Liderleri welosipedlere münüp, deňiz duralgasyna tarap ugradylar we ýol ugrunda Awazanyň ajaýyp ýerlerini synladylar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri deňiz duralgasyna gelip, “Galkynyş” gämisine çykdylar we Hazaryň kenarynyň ugry boýunça deňizde gezelenç etdiler.

“Galkynyş” gämisi ýüzüşini dowam edip, yza tarap öwrüm edýär we biraz wagtdan soň, kenardaky gämi duralgasyna gelip saklanýar.

Iki döwletiň Baştutanlary Milli syýahatçylyk zolagy boýunça tanyşlyk gezelenjini dowam edip, myhmanlara hem-de dynç alýanlara täsin awtoulaglary, elektromobilleri, atlara goşulan paýtunlary we beýlekileri hödürleýän ýörite şypahana seýilgähiniň hyzmatyndan peýdalandylar. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri paýtunda şu ýylyň aprel aýynda açylan “Awaza” sport toplumyna tarap ugradylar.

Iki ýurduň Liderleri sport toplumyndan çykyp, bir awtoulagda Özbegistanyň Prezidentiniň kabulhanasyna tarap ugradylar, bu ýerde olar mähirli hoşlaşdylar hem-de birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew biziň ýurdumyza iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline bardy we Türkmenistandan ugrady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi