icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 maý 2017

1269

Gagauziýa Awtonom-çäk birliginiň Başkany Türkmenistanyň Prezidentine çagalar bagy üçin minnetdarlygyny bildirdi

Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa Awtonom-çäk birliginiň Başkany Irina Wlah öz sebitiniň durmuş infrastrukturasynyň ösüşine uly goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentine özüniň çäksiz minnetdarlygyny bildirdi.

         “Siziň şahsy başlangyjyňyz boýunça Çişmikioý obasynda döwrebap çagalar bagynyň gurulmagy we ulanmaga berilmegi Gagauziýa hem-de tutuş Moldowa Respublikasy üçin möhüm waka boldy.

         Bu obanyň çagalarynda oňaýly şertlerde bilim we mekdep ýaşyna çenli hyzmatlaryň ähli görnüşlerini almaga mümkinçilik peýda boldy, çünki bu ilatly ýerde öň döwrebap çagalar bagy ýokdy”, - diýilip hatda aýdylýar.

         Hanym I.Wlah awtonom-çäk birligi tarapyndan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi