Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy boýunça mejlis geçirildi

2021-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki ýolbaşçy we utgaşdyryjy komitetiniň mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, beýleki degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle-de BMG-niň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen, howpsuzlygy üpjün etmek, gender deňligi, ekologiki meseleleri we beýlekiler ýaly wajyp ugurlar boýunça özara hereketleriniň ösdürilmegi bilen bagly geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işlere seredilip geçildi. Mundan başga-da, durmuş-ykdysady ulgamyna degişli taslamalaryň amala aşyrylmagynyň, şeýle hem lukmançylyk diplomatiýasynyň ugry boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýeti babatynda durlup geçildi.