Çehiýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2017-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Çehiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Daşkent ş.) j-p Ýaroslaw Siro bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäginde Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Çehiýanyň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hoşallyk bilen bellediler. Syýasy-diplomatik ulgamynda geljekde gatnaşyklary ösdürmek boýunça gyzyklanmalaryny beýan edip, taraplar olary çuňlaşdyrmak boýunça teklipleri beýan etdiler. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn häsiýetini belläp, taraplar syýasy geňeşmeleriniň yzygiderli esasda geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Taraplar abraýly halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalaryny bildirdiler, hökümetara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleri beýan etdiler. Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn netijelerini we bar bolan mümkinçiliklerini bellemek bilen, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa etmek meýillerini bellediler.  Bilelikdäki maslahatlary gurnamak arkaly, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Mundan başga-da, gepleşikleriň çäginde taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bilim we sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Netijeli we oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilini belläp, türkmen tarapy Ilçiniň täze bellenen wezipesinde zerur ýardamlary we goldawlary etmäge taýýardygy barada aýtdy.