icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 dekabr 2021

1266

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine bardy.

Türkmen döwletiniň Lideri sammitde çykyş edip, "Dialog - parahatçylygyň kepili" diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesini döretmek baradaky başlangyjyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi.

COVID-19 netijelerine garşy göreşi dowam etmegiň zerurlygyny nygtamak bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň yzygiderli we çalt depginde dikeldilmeginiň, ulag gatnaşyklarynda çäklendirmeleriň aradan aýrylmagynyň derwaýys ähmiýetini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, pandemiýa we onuň netijelerine garşy göreşmekde toplanan milli hem-de halkara tejribesi bu işiň üstünlikli netijesine umyt baglamaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda medeni we ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň orun tutmalydygyny hem nygtady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi