icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 fewral 2022

1471

Türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi

Şu gün, 12-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň yzygiderli häsiýete eýedigi hem-de onuň iki halkyň däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi berýändigi bellenilip geçildi. 

Saparyň çäklerinde Gazagystanyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary R.Sklýaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedow bilen hem duşuşygy geçirildi.

Taraplar türkmen-gazagystan özara hereketleriniň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol sanda iki ýurduň ähmiýetli mümkinçilikleriniň işjeň peýdalanylmagy arkaly ulag-üstaşyr geçirimleri, söwda-ykdysady düzümleri, oba hojalygy hem-de daşky gurşawyň goragy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi babatynda hem pikirler alyşyldy.

Söhbetdeşligiň barşynda şonuň ýaly-da Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet we hususy pudaklarynyň işjeň çekilmegi bilen, ýangyç-energetika, senagat ulgamlaryndaky özara hereketleriň ösdürilmegine, hususan-da halkara we sebitleýin awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlarynyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Bu ugurlar boýunça gepleşikler R.Sklýaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ş.Abdrahmanow, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda hem dowam edildi.

Duşuşyklaryň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we Gazagystanyň geljegi uly bolan ugurlaryň ählisi boýunça ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň geçirilmegi bilen birlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň has hem giňeldilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi