icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 maý 2017

151

BMG-niň edara binasynda “Aziada-2017” taslamasy bilen tanyşdyrylyş geçirildi

2017-nji ýylyň 30-njy maýynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu dabara BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň Başlygy Piter Tomson, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Jefri Feltman, BMG-niň Baş sekretarynyň aragatnaşyk we jemgyýet habarlary boýunça orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Maher Nasser, BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň agza ýurtlarynyň Hemişelik wekilleri we olaryň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa surat sergisini açyp, sportyň sagdyn milletiň we ýurduň durmuş we ykdysady ösüşiniň iň möhüm faktorlarynyň biridigini belledi we onuň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin uly goşant goşýandygyny aýtdy. Öz çykyşynda A.Ataýewa 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem Aziýa we Okeaniýa ýurtlary üçin hem şanly waka boljakdygyny teswirledi.

Piter Tomson öz çykyşynda ýurdy kuwwatly sport döwletine öwrülmegine hem-de sport ulgamynyň ösmegine Türkmenistanyň Prezidentiniň ägirt uly goşandyny belledi. Ol öz ýurdy bolan Fijiniň hem Türkmenistanda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşjakdygyna buýsanýandygyny aýtdy.

Surat sergisinde Olimpiýa şäherçesiniň, Aziýa Oýunlarynyň nyşanlarynyň suratlary ýerleşdirilipdir we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan wideo rolikler görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi